
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň futbol möwsümi özüniň iň gyzykly tapgyrlarynyň birine — ýurduň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň 1/4 finalyna gadam basýar. Şu gün, 6-njy maýda ýurdumyzyň futbol meýdançalarynda ýarym finala çykmak ugrunda ilkinji duşuşyklar geçiriler.
Tapgyryň iň garaşylýan we dartgynly oýny paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda bolar. Janköýerleriň ünsüniň bu oýna gönükmeginiň aýratyn sebäbi bar. Häzirki wagtda Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň düzüminde ozal «Ahalyň» sport abraýyny goran birnäçe tejribeli futbolçylar, şol sanda zehinli ýarym goragçy Elman Tagaýew çykyş edýär. Futbolçylaryň öňki klubuna garşy meýdança çykmagy oýna özboluşly duýgy dartgynlylygyny we sport gyzyklanmasyny goşar.
Kubok ugrundaky bäsleşikler hemişe garaşylmadyk netijeleri we ýiti pursatlary bilen tapawutlanýar. Ähli futbol muşdaklary stadionlara baryp, öz söýgüli toparlaryna ýakyndan goldaw bermäge çagyrylýar. Ýarym finala tarap ädiljek ilkinji ädimler eýýäm şu gün belleniler.
Keywords