
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň parlament ýolbaşçylarynyň gepleşikleri doganlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga gönükdirilen anyk meseleleri öz içine aldy.
Duşuşykda taraplar döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýe bolandygyny nygtadylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň halkara hukuk ulgamynda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda tutýan orny aýratyn bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady-tehnologik mümkinçilikleri giňeltmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak hem-de parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny işjeňleşdirmek arkaly hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewany şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistan bilen parlamentara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi. Iki ýurduň parlamentaryklarynyň halkara meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy, sebit hyzmatdaşlygynyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy faktor hökmünde görkezildi.
Keywords