
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Saparyň çäklerinde Milli Lider halkara durnukly ösüşiň we sebit howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça BMG-niň we UNIDO-nyň ýolbaşçylary bilen netijeli duşuşyklary geçirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen geçirilen gepleşikleriň merkezinde döwrebap tehnologiýalar we innowasion taslamalara aýratyn üns berdiler. Milli Lider sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmekde tehniki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Gerd Müller öz gezeginde, Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň senagat mümkinçilikleriniň saglygy goraýyş ulgamyna üstünlikli ornaşdyrylmagynyň dünýä derejesindäki nusgadyygyny nygtady. Şeýle hem, 2026–2030-njy ýyllar üçin «ýaşyl» senagat geçişi boýunça hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny işläp düzmek baradaky başlangyç taraplaryň geljekki hyzmatdaşlygy üçin esasy ugur hökmünde kesgitlendi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen geçirilen duşuşykda bolsa, Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän energetika we howa boýunça başlagyçlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Rabab Fatima Türkmenistanyň bu başlangyçlarynyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny we dünýä durnuklylygyna goşant goşýandygyny aýratyn belledi.
Mundan başga-da, Milli Lider saparyň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni sebitleýin howpsuzlyk meselelerine çekdi. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýlaryň Hazar sebitine ýetirip biljek täsirleri barada Türkmenistanyň dogruçyl we parahatçylyk söýüji garaýyşlary beýan edildi.
Bu duşuşyklar Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny we ählumumy parahatçylygy, innowasion ösüşi hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigini ýene bir gezek tassyklady.
Keywords