
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky önümçilik birleşiklerine dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly täze tehnikalary gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, täze getirilen oba hojalyk tehnikalary we ýöriteleşdirilen ulaglar şu ýylyň galla oragy möwsümini guramaçylykly, ýokary hilli hem-de gysga möhletde geçirmekde oba hojalyk işgärlerine uly ýardam bolar.
Bugdaý oragynyň öňüsyrasynda welaýatlara getirilen bu ilkinji tapgyrda döwrebap däne ýygýan kombaýnlar, ýangyç daşaýjy hem-de ýük daşaýjy awtoulaglar bar. Tehnikaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli täzelenip durmagi ýurdumyzyň gallaçylarynyň we mehanizatorlarynyň işini has-da ýeňilleşdirip, olaryň bereketli hasyl ugrundaky zähmetine uly itergi berýär.
Munuň bilen bir wagtda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurtda Döwlet ýer kadastry maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet geomaglumatlar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu ugurdaky işleri döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugy üçin hem «Toyota» kysymly ýeňil awtoulaglary hem-de dürli görnüşli iň täze tehnologik enjamlar satyn alyndy.
Döwletimiz tarapyndan yzygiderli satyn alynýan bu döwrebap tehnikalar hem-de enjamlar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmekde we onuň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Keywords