Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R. Meredow hasabat berdi.

Hasabata görä, 13-14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Kazan şäherine sapary göz öňünde tutulýar.

Her ýyl geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň esasy meýdançalarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň wekiliýeti bu forumyň çäklerinde aşakdaky çärelere we sergilere gatnaşar:

  • «Russiýanyň we yslam dünýäsiniň hyzmatdaşlygy EXPO» atly ýöriteleşdirilen sergi we maslahat;
  • «Halkara gozgalmaýan emläk bazary» sergisi;
  • «Kazan Halal Market» halkara söwda sergi-ýarmarkasy;
  • «Gwneýli moda güni» (Russia Modest Fashion Day) festiwaly.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kazanda geçiriljek çäreleriň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany meýilleşdirilen ähli çärelerde ýurdumyzyň wekilleriniň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Bu sapar Türkmenistan bilen Russiýanyň, aýratyn-da, Russiýanyň iri sebitleriniň biri bolan Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze tapgyra göterilmegine itergi berer.