
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampy şanly 80 ýaş toýy bilen gutlady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Habar berlişine görä, hormatly Prezidentimiz Prezident Donald Trampa 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
– Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara biz ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys – diýip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.
Keywords