
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy. Bu sapar iki dostlukly ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry açýar.
Tbilisidäki Şota Rustaweli adyndaky halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gruziýanyň resmi wekilleri garşy aldylar. Myhmanyň hormatyna howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, iki ýurduň döwlet baýdaklary galdyryldy.
Saparyň esasy ugurlary:
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy. Geçen döwürde ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, iki ýurduň uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň hem-de özara bähbitli gatnaşyklarynyň berk binýadyny döretdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogy has-da işjeňleşdirmäge, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga uly itergi berer.
Keywords