
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurduň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä tüýs ýürekden çykan gutlag hatyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Döwlet Baştutanymyz öz hatynda iki ýurduň arasynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini aýratyn belledi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de täze sepgitler bilen pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä we Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä berk jan saglyk, işlerinde üstünlik hem-de bagtyýarlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Baştutany doganlyk Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, yzygiderli ösüş we mundan beýläk-de rowaçlyk dileglerini ýetirdi.
Keywords