
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Mälim edilişi ýaly, Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda dörän güýçli tupanlar we harasatly ýagyşlar köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirdi. Ýüze çykan bu agyr tebigy hadysa zerarly döwlet Baştutanymyz hindi tarapyna özüniň duýgudaşlyk sözlerini ýollady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. Şeýle-de, tebigy betbagtçylykda ejir çeken we şikes ýeten raýatlaryň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan ýetirdi.
Keywords