
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz öz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Sözüň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Keywords