
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde galla oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň bugdaý ekişine taýýarlamak, topragy sürüm we tekizleýiş işleri arkaly gurplandyrmak hem-de ekişde ulanyljak tehnikalary we ýokary hilli tohumlary taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk dowam edýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatında bolsa güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarda zerur ideg işleriniň alnyp barylýandygy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýändigi habar berildi. Häkimler "Oba milli maksatnamasyna" laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem giňişleýin maglumat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg işleriniň hem-de geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk çäreleriniň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigini we öz wagtynda berjaý edilmelidigini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda açylmagyna garaşylýan desgalardaky gurluşyk işleriniň hilli bolmagyny we wagtynda tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky umumy işleriň ýagdaýy we pudakda amala aşyrylýan möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Keywords