
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyň 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyz Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi.
Geçirilen ýokary derejeli duşuşyk barada çykyş eden belent mertebeli myhman Jewdet Ýylmaz, doganlyk Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy dostluk gatnaşyklary bilen bir hatarda, iki ýurduň umumy geljegini kemala getirjek täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny mälim etdi.
Türkiýäniň wise-prezidentiniň bellemegine görä, döwlet Baştutanymyz bilen geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurt üçin hem strategik ähmiýete eýe bolan şu aşakdaky ugurlarda gatnaşyklary has-da ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler:
Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň özara bähbitlere we birek-birege bolan ynama esaslanýan sebitara hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmak boýunça berk syýasy erk-islege eýedikleri ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Häzirki wagtda dünýäde emele gelen geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary nazara alyp, Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklaryny uly strategik garaýyş esasynda ösdürmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellän Jewdet Ýylmaz, umumy taryha, medeniyete we köpöwüşgünli gymmatlyklara daýanýan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda mundan beýläk hem yzygiderli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Ol öz çykyşynda ikitaraplaýyn ynam we doganlyk arkalaşygy esasynda sebit durnuklylygyny goldamagy hem-de iki ýurduň uly ösüş maksatlaryna bilelikde ýetmegi dowam etdirjekdiklerini aýratyn nygtady.
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz duşuşygyň ahyrynda görkezilen ýokary derejeli myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň we wekiliýet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Keywords