
Şu gün Astanada öz işine başlan Sebit ekologiýa sammitiniň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň ekologik abadançylygy we suw serişdelerini dolandyrmak ugrunda möhüm başlangyç bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda Merkezi Aziýa döwletlerinde suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmegi teklip etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze dörediljek bu Geňeş sebitde suw meselelerini çözmekde ähli döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji we utgaşdyryjy esasy gural bolup hyzmat edip biler. Bu başlangyç Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulanýan «suw diplomatiýasynyň» nobatdaky möhüm tapgyrydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda serhetüsti suw serişdeleriniň rejeli we adalatly ulanylmagy üçin Türkmenistanyň berk eýerýän üç sany esasy ýörelgesi beýan edildi:
22-nji aprelden 24-nji aprel aralygynda geçirilýän Astanadaky Sebit ekologiýa sammiti öz gerimi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň öňe süren bu täze başlangyjy halkara jemgyýetçiligi, aýratyn-da, BMG tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Bu teklibiň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýada suw-energetika meseleleriniň diňe bir ykdysady däl, eýsem ekologik we ynsanperwerlik jähetden hem adalatly çözülmegine ýol açar.
Keywords