Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky karary kabul etdi. Degişli karar 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde tassyklanyldy we 27-nji noýabrda çap edildi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 139 milliard 299 million 374,6 müň manat, çykdajylar boýunça bolsa 138 milliard 655 million 834,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklandy.
Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa gol çekdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.