2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (DHÇMB) ýolbaşçylary bilen «Euronext» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.

«Euronext Paris» kompaniýasynyň baş edarasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahadow, «Euronext» kompaniýasynyň döwlet syýasaty meseleleri boýunça direktory, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Ýakob Mihalik hem-de haryt bazarlary boýunça ugrunyň ýolbaşçysy Robin Mezonýow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Döwlet haryt-çig mal biržasynyň alyp barýan işleri, onuň ýurduň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti hem-de biržanyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlar barada maglumat berdi.

Gepleşikleriň esasy mazmuny haryt bazarlarynyň işini kämilleşdirmek, elektron söwda ulgamlaryny ösdürmek we söwda amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak meselelerini öz içine aldy. Şeýle hem baha töwekgelçiliklerini dolandyrmakda we emeli aňy goşmak bilen döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda halkara tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berildi.

«Euronext» kompaniýasynyň wekilleri haryt fýuçersleri we opsionlary bilen söwda etmek, şeýle hem maliýe önümleriniň bazarlaryny düzgünleşdirmek boýunça Ýewropada ulanylýan usullar barada çykyş etdiler.

Duşuşygyň netijesinde taraplar hünär dialogyny dowam etdirmek we özara tejribe alyşmak boýunça gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, elektron söwda infrastrukturasyny ösdürmek hem-de birža bazarlaryny düzgünleşdirmekde Ýewropa mehanizmlerini öwrenmek hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmak, sanly söwda mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ähmiýetli ädim bolup durýar.