Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabryna çenli Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder. Dünýäniň 91-nji çempionatynda ýurdumyzyň adyndan 10 türgen medallar ugrunda bäsleşer.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi:
Zenanlar:
Anamjan Rustamowa — 86 kilograma çenli.
Gülälek Kakamyýradowa — 77 kilograma çenli.
Medine Amanowa — 69 kilograma çenli.
Şabnam Kerimbaýewa — 57 kilograma çenli.
Ogulşat Amanowa — 53 kilograma çenli.
Erkekler:
6. Şahzadbek Matýakubow — 110 kilograma çenli.
7. Rüstem Annaberdiýew — 95 kilograma çenli.
8. Gaýgysyz Töreýew — 85 kilograma çenli.
9. Didarbek Jumabaýew — 75 kilograma çenli.
10. Bektimur Reýimow — 75 kilograma çenli.
Ninbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty agyr atletikada agram derejeleriniň täzelenmeginden soň geçirilýän ilkinji dünýä birinjiligi bolar. Ýaryşlarda erkekleriň we zenanlaryň arasynda jemi 16 agram derejesinde medallar ugrunda göreşiler.
Bu çempionat 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama tapgyrlarynyň hem bir bölegidir.
Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ikinji gezek kabul edýär. Ýurt bu iri halkara ýaryşyna ilkinji gezek 1995-nji ýylda ýer eýeçiligini edipdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.