2026-njy ýylyň 18–22-nji oktýabry aralygynda Marokkonyň Rabat şäherinde FIFA tarapyndan guralan «Women in Football Leadership» atly okuw maksatnamasy geçirildi. Bu halkara çärä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekili hem gatnaşdy.
Okuw maksatnamasynyň esasy maksady futbol ulgamynda zenanlaryň ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmekden, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan we sport guramalarynda dolandyryş işlerine gatnaşygyny giňeltmekden ybarat boldy.
Okuw sapaklarynyň dowamynda liderlik häsiýetlerini ösdürmek, netijeli aragatnaşyk gurmak, dolandyryş endiklerini kämilleşdirmek hem-de strategik çözgütleri kabul etmek ýaly ugurlara aýratyn üns berildi. Şeýle-de futbol guramalarynda zenanlaryň ýolbaşçy wezipelerinde eýeleýän ornuny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maksatnama gatnaşyjylar üçin halkara tejribe alyşmaga, hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge we futbol ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem mümkinçilik döretdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.