Türkmenistanyň energetika pudagynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetinde döwrebap «ýaşyl» tehnologiýalar boýunça halkara ylmy-amaly okuw-tälim maksatnamasyna gatnaşýarlar.
25-nji iýuldan 16-njy awgusta çenli dowam edýän maksatnama Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) strategik taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Okuwlaryň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň häzirki zaman usullaryny öwrenmek, metanyň howa goýberilýän möçberini azaltmak we emeli aň tehnologiýalaryny senagatda ulanmak boýunça tejribe toplamakdan ybarat.
Maksatnama Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hem-de konserniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
Üç hepdelik okuwlaryň dowamynda türkmen hünärmenleri emeli aň we maşyn arkaly öwreniş tehnologiýalarynyň esaslaryny, maglumatlary işlemek we seljermek usullaryny, neýron torlaryny döretmegiň ýörelgelerini hem-de sanly çözgütleriň senagat önümçiliginde ulanylyşynyň amaly taraplaryny öwrenýärler.
Tejribe maksatnamasynda nebitgaz guýularynyň bitewüligini üpjün etmek, ugrukdyrylan buraw işlerini alyp barmak, metanyň syzyşlaryny ýüze çykarmak ýaly meseleler hem aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem emeli aň algoritmleriniň fotoelektrik enjamlarynyň netijeliligini çaklamakda ulanylyşyna üns berilýär.
Türkmen hünärmenleri Germaniýanyň iri senagat kärhanalaryna, şol sanda kükürtli gazy gaýtadan işleýän zawoda we gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalaryna baryp, önümçilik tejribesi bilen tanyşarlar.
Maksatnamanyň dowamynda toplanan bilimleriň we amaly tejribäniň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw, ylmy-barlag we hünärmenleri taýýarlamak işlerinde peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar.
Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýän şeýle okuwlar Türkmenistanyň energetika pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmäge we «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş boýunça alnyp barylýan işlere goşant goşmaga gönükdirilendir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.