Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli sentýabr aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni-köpçülikleýin we dabaraly çäreler geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa geçirilen hökümet mejlisinde Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Meýilnama laýyklykda, baýramçylyk aýynyň dowamynda maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar we beýleki çäreler geçiriler.
Şanly senä bagyşlanan esasy çäreleriň hatarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak dabarasy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi bar.
Şeýle hem Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konserti we beýleki köpçülikleýin çäreler geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň golaýlap gelýändigini belläp, wise-premýere baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi we olaryň guramaçylyk taýdan talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan şanly senäniň giňden bellenilmegine gönükdiriler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.