2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (BMG BMÝKM) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Turkmenportal» neşiri habar berýär.
Resminama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa we BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarly gol çekdiler.
Ähtnamanyň esasy maksady bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara we beýleki durmuş taýdan goraga mätäç toparlara goldaw bermekden ybaratdyr. Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu adamlara kömek berer, olaryň hukuklary we mümkinçilikleri barada maglumatlary ýaýradar. Şeýle hem taraplar özara tejribe alyşmagy, işgärler we meýletinçiler üçin okuwlary guramagy göz öňünde tutýarlar.
Resminamada bolup biljek adatdan daşary ýagdaýlara bilelikde taýýarlyk görmek meselesine hem aýratyn orun berilýär. Munuň maksady zerurlyk ýüze çykan halatynda kömek işlerini dessin we utgaşykly guramakdan ybaratdyr.
Mahir Safarly Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ygtybarly hyzmatdaşdygyny belläp, Ähtnamanyň taraplaryň bilelikdäki işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Maral Açylowa bolsa Milli jemgyýetiň işiniň Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esasy ýörelgelerine daýanýandygyny nygtady. Şeýle hem ol halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň jemgyýet üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistanyň bosgunlaryň hukuk derejesi hakynda 1951-nji ýylyň Konwensiýasyna, şeýle hem raýatlygy bolmazlyk meseleleri boýunça iki konwensiýa hem goşulan Merkezi Aziýadaky ilkinji ýurt bolandygy bellenilýär. Ýurdumyz BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen birnäçe ýyl bäri, şol sanda raýatlygy bolmazlygy aradan aýyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.
Gol çekilen Ähtnama laýyklykda, bu ugurdaky bilelikdäki işlere Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem resmi taýdan goşular.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.