Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli birnäçe wajyp meselelere seredilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmek, şeýle hem gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet belligine almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň çäginde Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyklar hem-de halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada maglumat berildi. Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Foruma ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, sanly we «ýaşyl» özgertmeler, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça meseleleriň girizilýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu teklibi goldap, degişli tabşyryklary berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýerasty baýlyklardan netijeli peýdalanmak we seýrek duşýan minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda amala aşyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer T.Atahallyýew bolsa oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işler, hususan-da, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, pagta ýygymy möwsümine hem-de geljek ýylyň bugdaý ekişine görülýän taýýarlyklar barada habar berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow energetika ulgamynda önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri habar berdi. Wise-premýer N.Atagulyýew bolsa şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça teklipleri hödürledi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy goldady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli awgust aýynda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik bäsleşikleriniň we okuw maslahatlarynyň tertibini mälim etdi. Şeýle hem wise-premýer B.Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň we ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda guraljak bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna taýýarlyk barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada giňişleýin hasabat berdi. Hasabatda ählumumy parahatçylygy berkitmek, Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak, 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek, şeýle hem durnukly ulag, energetika, ekologiýa, emeli aňy parahatçylykly ulanmak we halkara hukuk ugurlary boýunça möhüm başlangyçlaryň öňe sürülýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz bu teklipleri goldap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň täze binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri hödürledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda bu binalary gurmak boýunça teklipleri makullady. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.