Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda miňistr Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Eýran tarapynyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Gepleşikleriň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk hem-de oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri seljerildi. Taraplar hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, sebit ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmagyň we goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.