Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Tibet awtonom sebitinde bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Tibet awtonom sebitinde bolup, agyr netijelere getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz gynanç hatynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut özüniň adyndan heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç hem-de goldaw sözlerini ýetirdi. Şeýle hem tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çekenlere tiz wagtda sagalmak arzuw etdi.

Betbagtçylyk 26-njy awgustda Hytaý bilen Nepalyň serhediniň golaýyndaky sebitde bolup geçdi. Tebigy hadysanyň esasy sebäbi buzluklaryň uly möçberde opurylmagy bolup, onuň yzysüre sil akymlary, süýşgünler we suw joşmalary ýüze çykdy.

Tebigy betbagtçylyk esasan Tibetiň Gyrong (Jilong) serhet etrabyna we onuň töweregindäki daglyk sebitlere täsir etdi. Buzluk massasynyň we läbik akymlarynyň aşak inmegi netijesinde birnäçe infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi, ýaşaýyş jaýlary ýykyldy we ulag ýollarynyň käbir böleklerinde hereket saklandy.

Häzirki wagtda betbagtçylyk zolagy diýlip yglan edilen sebitde gözleg-halas ediş işleri dowam etdirilýär. Olara ýörite tehnikalar we awiasiýa serişdeleri hem çekilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gynanç haty tebigy betbagtçylyk zerarly kyn ýagdaýa düşen Hytaý halkyna goldawyň we dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky beýany boldy.