
Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Keywords