Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljek resmi däl duşuşyga gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gyrgyzystan Respublikasyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Yssyk-Köl” halkara howa menzilinde Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew garşylady.
Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän duşuşygyň dowamynda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem olar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hem gatnaşýar. Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmak esasy üns merkezinde bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.