Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Duşuşykda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Sirojiddin Muhriddin duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen asyrlara uzap gidýän dostlukly we doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi. Ol Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidentine Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny hem ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu ugurda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi aýratyn orun eýeleýär.

Taraplar energetika, ulag we oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly we netijeli gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyklykda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.