Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Izmir şäherindäki zawodlaryň birinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere sebäp bolan partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumata görä, döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan aradan çykanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny bildirdi. Şeýle hem ol bu agyr pursatda merhumlaryň ýakynlaryna sabyr-kanagat, partlamada şikes alanlara bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.