Türkmenistanyň talyplary halkara derejeli üstünlik gazanyp, Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medala mynasyp boldular.
Abraýly matematika bäsleşigi 27-nji iýul – 3-nji awgust aralygynda geçirildi. Olimpiada London Uniwersitet Kolleji hem-de Bolgariýadaky Amerikan Uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşda ýokary taýýarlygyny görkezip, umumylykda 9 medal gazandy. Bu netije türkmen talyplarynyň matematika ugrundaky bilim derejesiniň we zehininiň ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Milli ýygyndynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary goşuldy.
Olimpiada iňlis dilinde iki tapgyrda geçirildi. Her tapgyrda gatnaşyjylara çylşyrymlylygy ýokary bolan 5 sany matematiki mesele hödürlendi. Ýaryş meseleleri matematiki seljerme, çyzykly we abstrakt algebra, funksional seljerme, analitiki geometriýa, kombinatorika hem-de sanlar nazaryýeti ýaly ugurlary öz içine aldy.
«IMC» (International Mathematics Competition for University Students) halkara matematika olimpiadasy 1994-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär. Ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli talyplary bir ýere jemleýän abraýly halkara matematika bäsleşikleriniň biri hökmünde tanalýar.
2026-njy ýylda geçirilen olimpiada dünýäniň 47 döwletinden takmynan 450 talyby jemledi. Ýaryşa ABŞ, Beýik Britaniýa, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Hytaý, Hindistan, Singapur, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň talyplarynyň «IMC-2026» halkara olimpiadasyndaky üstünlikli çykyşy ýaşlaryň ýokary intellektual mümkinçiliklerini, hünär taýýarlygynyň derejesini we ýurtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine berilýän ünsüň netijeliligini görkezýän möhüm waka boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.