Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýaşlar ýygyndysy Azerbaýjanda geçirilýän FIFA-nyň U-15 dünýä çempionatynyň we festiwalynyň 1/16 final tapgyrynda Kanada toparyndan 0:4 hasabynda ýeňildi. Gowşan şäherinde geçirilen duşuşykda kanadaly futbolçylar üstün çykdylar.
Toparlaýyn tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy bäş duşuşyk geçirdi. Türkmen futbolçylary Gonkongyň ýygyndysyny 2:1, Kuk adalarynyň toparyny bolsa 3:1 hasabynda ýeňdiler. Italiýanyň ýygyndysyndan 1:5, Kataryň toparyndan 0:4 we Beniniň ýygyndysyndan 1:4 hasaplar bilen ýeňildiler.
Netijede, Türkmenistanyň ýygyndysy L toparynda dördünji orny eýeledi we 97–128-nji orunlar üçin göreşilýän D toruna düşdi.
Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, ýeňlişe sezewar bolan toparlar bäsleşikden çykarylmaýar. Olar özleri ýaly öňki duşuşyklarynda ýeňlen toparlar bilen oýnamagyny dowam etdirýärler. A–F aralygyndaky alty toruň her birinde ýeňiji bolan ýygyndy öz diwizionynyň çempiony diýlip yglan ediler. Ýaryşyň umumy ýeňijisi bolsa A torunda iň gowy netije görkezen topar bolar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň indiki garşydaşy Siriýanyň ýaşlar topary bolar. Siriýaly futbolçylar 1/16 finalda Andorranyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda ýeňildiler.
FIFA-nyň bu ýaryşy kiçeldilen meýdançalarda 8-e 8 görnüşinde geçirilýär. Duşuşyklar hersi 20 minut dowam edýän iki ýarymdan ybarat. Düzgünnama laýyklykda, her bir ýygyndy ýaryşyň dowamynda azyndan 10 duşuşyk geçirer.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda tamamlanar.











Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.