Türkmenistanyň talyplary, mugallymlary, ýaş alymlary, ylmy işgärleri we beýleki gyzyklanýan raýatlary NASA tarapyndan hödürlenýän açyk ylym boýunça mugt onlaýn okuw programmalaryna gatnaşyp bilerler. Okuwlar giň jemgyýetçilik üçin elýeterli bolup, gatnaşyjylar sapaklary özlerine amatly wagtda we depginde geçip bilerler.
Maksatnama açyk ylmyň esasy ýörelgelerini we häzirki zaman sanly gurallaryny öwrenmäge mümkinçilik berýän iki okuwdan ybarat. Olaryň ilkinjisi Open Science Essentials bolup, bäş sapakdan düzülýär we takmynan iki sagadyň dowamynda özleşdirilip bilner.
Has giňişleýin mazmuna eýe bolan Open Science 101 okuwyna bolsa bäş modul girýär. Bu programmany doly tamamlamak üçin ortaça 12 sagat wagt gerek bolýar.
Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar açyk maglumatlar, FAIR ýörelgeleri we ylmy maglumatlary netijeli dolandyrmak bilen bagly esasy düşünjeleri öwrenip bilerler. Şeýle hem ylmy maglumatlary dolandyrmagyň meýilnamalaryny taýýarlamak, açyk resenzirleme, başlangyç kody açyk programma üpjünçiligi, ygtyýarnamalaşdyrmak, maglumat repozitoriýalary we wersiýalara gözegçilik ulgamlary barada bilim alarlar.
Mundan başga-da, okuw maksatnamasynda ylmy-barlag işlerinde etik ýörelgeler, halkara ylmy hyzmatdaşlyk we emeli aň tehnologiýalarynyň açyk ylymda ulanylyşy ýaly häzirki zaman meselelerine hem aýratyn üns berilýär.
Bu okuwlar ylmy-barlag we sanly taslamalar bilen meşgullanýan türkmenistanly ýaş alymlar, aspirantlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we dürli ugurlardaky hünärmenler üçin peýdaly bolup biler. Okuwlaryň netijesinde alnan bilimler ylmy işleriň netijelerini has açyk, elýeterli we gaýtadan barlamaga mümkinçilik berýän görnüşde taýýarlamaga ýardam edip biler.
Programma gatnaşmak üçin bäsleşik esasynda saýlama ýa-da okuwy belli bir möhletde tamamlamak talaby göz öňünde tutulmaýar. Hasaba alnan gatnaşyjylar okuwlary özlerine amatly wagtda dowam etdirip bilerler. Şol bir wagtyň özünde olaryň sapaklarda gazanan öňegidişligi ulgamda saklanar.
Okuwlary üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara elektron şahadatnama we NASA-nyň sanly nyşany gowşurylýar. Maksatnama hasaba alyş hem-de okuwlar NASA-nyň degişli resmi onlaýn platformasy arkaly amala aşyrylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.