Türkmenistanyň Döwlet konserni «Türkmennebit» tender toparynyň adyndan №208 belgili halkara açyk tenderi yglan etdi. Tender Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) ýol we gurluşyk bitumlaryny öndürmek işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Tenderiň şertlerine görä, oňa diňe degişli talaplara laýyk gelýän önüm öndürijiler we ýa-da ygtyýarnama eýeleri gatnaşyp biler. Mundan başga-da, dalaşgärleriň bu ugurda azyndan 10 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy hökmany şert hökmünde kesgitlenýär.

Şeýle hem ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Tenderde gatnaşmak isleýänler ýazmaça ýüz tutup, guramanyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we beýleki degişli maglumatlaryny görkezmelidirler. Arza tabşyrylandan soň gatnaşyjylar Türkmenistanyň döwlet zerurlyklary üçin harytlary, işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça tenderler hakynda kanun, tender geçirmegiň düzgünleriniň degişli bölegi, talap edilýän resminamalaryň sanawy, lotuň spesifikasiýasy, tehniki talaplar hem-de şertnamanyň esasy şertleri bilen tanşyp bilerler.

Tenderde bir lot boýunça gatnaşmagyň bahasy goşulan baha üçin salgydy bilen bilelikde 1 725 ABŞ dollaryna ýa-da onuň manatdaky ekwiwalentine deňdir. Töleg geçirmek üçin bank hasabynyň maglumatlary ýazmaça arza kabul edilenden soň berilýär.

Tender teklipleri 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndan 11-nji sentýabryna çenli, ýagny bildiriş «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Resminamalar soňky iş gününde ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden gijä galan teklipler garalmaga kabul edilmeýär.

Tender resminamalary mastika möhri bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Bukjanyň içinde anketanyň we şertnamanyň esasy şertleriniň Word görnüşindäki elektron nusgasy, şeýle-de tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň Excel görnüşindäki elektron nusgasy hökmany tertipde ýerleşdirilmelidir. Resminamalar diňe degişli töleg guramaçy tarapyň hasabyna geçirilenden soň garalmaga kabul edilýär.

Tender resminamalary Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýynda ýerleşýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň 4-nji gatynda kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary 40-39-24 we 40-39-90 telefon belgileri arkaly, şeýle hem fer@turkmennebit.gov.tm elektron poçta salgysy boýunça alyp bolýar.