
Macworld portalynyň berýän maglumatyna görä, geljekki iPhone 18 Pro we Pro Max modelleri reňk gammasynda garaşylýan täzelenmesine eýe bolar. Möwsümiň esasy täzeligi häzirki açyk reňkleriň ýerini tutjak "gara ülje" (Pantone 6076) öwüşgini bolar. Şeýle hem, muşdaklar 17-nji seriýada ýoklugy sebäpli tankyt edilen "tas gara" (goýy çal Pantone 426C) reňkiniň dolanyp gelmegine garaşýarlar. Toplum açyk gök we klassiki kümüşsöw reňkler bilen üstüni ýetirer. Kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Ultra bolsa, has saldamly stilde bolar we diňe kümüşsöw-ak we goýy gök reňklerde hödürlener. Täze önümleriň resmi tanyşdyrylyşyna 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda garaşylýar. iPhone 18-iň hem 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylmagyna we şol aýyň ahyrynda dünýä bazarynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň bazaryna (Aşgabadyň we beýleki şäherleriň dükanlaryna) täze modeller satuw başlanandan 7-10 günüň dowamynda gelip başlaýar.
Çeşme: iGuides / Macworld
Keywords