
Aşgabatdaky Rus öýi 2-nji martda ähli isleg bildirýän taraplary Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baharyň döredijilik ussatlyk sapagyna çagyrýar.
Sapagyň dowamynda gatnaşyjylar inçe sinel (ýumşak) simlerinde işlemek tilsimleri bilen tanyş bolarlar hem-de ejeleri, ene-mamalary ýa-da mugallymlary üçin özboluşly baýramçylyk çemenlerini ýasarlar.
Maksatnama döredijilik ukybyny we el ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Çäräniň mähirli gurşawy bolsa gatnaşyjylara ylham we baýramçylyk ruhuny peşgeş berer. Ähli gerekli materiallar guramaçylar tarapyndan üpjün edilýär.
Başlanýan wagty: 17:00
Gatnaşmak üçin: otdel_tm@mail.ru elektron poçtasy arkaly öňünden hasaba durmak hökmandyr.
Keywords