Saglyga peýdaly miweleriň biri bolan üzüm asyrlar bäri türkmen saçagynyň bereketli nygmatlarynyň hatarynda gelýär. Çyrmaşyk görnüşli ösümlikde ösýän bu süýji miweden terligine iýmek bilen birlikde kişmiş, mürepbe, şerbet we toşap ýaly dürli önümler taýýarlanýar.

Witaminleriň, minerallaryň we tebigy şekerleriň çeşmesi bolan üzüm toşaby hem ýokumly önümleriň biri hökmünde tanalýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, onuň düzümindäki käbir peýdaly birleşmeler bedeniň umumy ýagdaýyny goldamaga ýardam edip biler.

Immun ulgamyny goldaýar

Üzüm toşabynyň düzümindäki antioksidantlar öýjükleri erkin radikallaryň ýetirip biljek zyýanly täsirlerinden goramaga kömek edýär. Şeýle-de onuň düzümindäki peýdaly maddalar immun ulgamynyň kadaly işlemegini goldap biler.

Sowuk howalarda üzüm toşabyny iýmitiň düzümine goşmak bedeni gerekli ýokumlar bilen üpjün etmäge ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, onuň düzüminde tebigy şekerleriň köpdügini göz öňünde tutup, ölçegli ulanmak möhümdir.