Türkmenistanda welaýatara awtobus gatnawlary üçin biletleri satyn almak has-da amatlylaşdyryldy. Indi ýolagçylar öýden çykmazdan, internet arkaly birnäçe minutyň dowamynda öz syýahatyny meýilleşdirip we gerekli ugur boýunça awtobus biletini alyp bilýärler.

Täze onlaýn hyzmat ýolagçylara adaty kassalarda nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Ulgam arkaly gatnawlaryň tertibi bilen tanyşmak, amatly wagty saýlamak we bilet satyn almak has aňsat ýerine ýetirilýär.

Welaýatara awtobus biletlerini internet arkaly satyn almak hyzmaty auh.com.tm web-saýtynda elýeterlidir. Munuň üçin ýolagçy diňe ugramaly ýerini, barmaly nokadyny, syýahat ediljek senäni hem-de ýolagçylaryň sanyny görkezmeli.

Şeýle hem hyzmatdan diňe bir kompýuter arkaly däl, eýsem, ykjam enjamlar arkaly hem peýdalanmak mümkin. Ýolagçylar üçin döredilen «Şäherara bilet» mobil goşundysyny App Store we Google Play platformalaryndan ýükläp alyp bolýar.

Onlaýn bilet ulgamy ýolagçylara wagty tygşytlamaga, gatnawlaryny öňünden meýilleşdirmäge we welaýatlaryň arasynda has amatly hereket etmäge mümkinçilik berýär.