Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň garamagyndaky «Ykdysadyýetçi» okuw-önümçilik merkezi Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli hünär okuwlaryna kabul edişligi yglan etdi.
Merkezde aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar geçiriler:
«Buhgalter»;
«Bank işiniň operatory»;
«Işewürlik we telekeçilik»;
«Biznes-informatika».
Okuwlaryň dowamlylygy 10 aý bolup, olar tölegli esasda guralýar. Maksatnama orta bilimli, ýaşy 35-den uly bolmadyk Türkmenistanyň raýatlary üçin niýetlenendir.
Okuwlara gatnaşmak isleýänler degişli resminamalary 2026-njy ýylyň 30-njy awgustyna çenli tabşyrmaly.
Dalaşgärlerden aşakdaky resminamalar talap edilýär:
bellenen görnüşde okuw merkeziniň ýolbaşçysynyň adyna ýazylan arza;
orta bilim hakyndaky şahadatnama;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen görnüşdäki saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama;
3×4 sm ölçegdäki fotosurat;
zähmet depderçesiniň göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);
pasportyň göçürmesi;
erkek raýatlar üçin harby şahadatnamanyň ýa-da harby hasaba alyş şahadatnamasynyň göçürmesi.
Resminamalar Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binalar toplumynda kabul edilýär.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bolýar: 48-62-94.
Bu okuwlar ykdysadyýet, maliýe, telekeçilik we sanly tehnologiýalar ugurlarynda goşmaça bilim almak isleýän raýatlar üçin hünär başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik döreder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.