
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bilen bagly aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, berkarar döwletimizde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işlere badalga berýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň iň çetki oba-şäherlerinde-de saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Kerki etrap hassahanasynda hem uly sepgitlere ýetilýär. Hassahanada sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgam bejeriş-anyklaýyş işleriniň netijeli guralmagyna, lukmanlaryň zähmet netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Bu hassahananyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde köp ýyldan bäri yhlasly zähmet çekýän onkolog lukman Hudaýberen Rejepow ilatyň saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde kärdeşlerine nusga alarlyk görelde görkezýär. Ol 1980-nji ýylda Kerki etrabyndaky 27-nji orta mekdebi tamamlap, paýtagtymyzdaky şol wagtky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. 1986-njy ýylda zähmet ýoluna başlan günlerinden tutanýerliligi, başarjaňlygy, yhlasy, esasan hem, hünärine çäksiz söýgüsi oňa abraý getirýär. Kärine ussat lukman indi on ýyldan gowrak wagtdan bäri ýokarda agzalan bölümde işleýär. Ol hormatly Prezidentimiziň halkyň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we ynsan saglygyny berkitmek, howply çiş keselleriniň öňüni almak ugrunda alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşýar. Tejribeli lukman keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirkizaman usullaryny öwrenmek hem-de netijeli ulanmak maksady bilen paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Howply täze döremeleri anyklamagyň kämil usullaryny özleşdirýär.
— Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň döredilmegi hem-de onuň Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynda işe girizilmegi biziň işimiziň ilerlemegine uly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak we lukmançylyk ylmyny ösdürmek babatda öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, biz hem esasy işimiziň daşyndan etrabymyzdaky edara-kärhanalarda bolup, ilatyň arasynda howply täze döremelere garşy göreş çärelerini alyp barýarys, wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, howply täze döremeleriniň öňüni almak üçin geçirilýän çäreler hem özüniň gowy netijesini berýär — diýip, ezber lukman Hudaýberen Rejepow gürrüň berýär.
Keywords