Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanuna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň ýerli býujetiniň möçberi 2 milliard 743 million 300 müň manat, Arkadag şäheriniň býujeti bolsa 323 million 500 müň manat möçberinde tassyklanyldy. Degişli Kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kanunyň 5-nji maddasyna görä, Türkmenistanyň ýerli býujetleriniň umumy möçberi 15 milliard 548 million manada deň bolar. Bu görkeziji paýtagtyň, Arkadag şäheriniň we ýurduň bäş welaýatynyň býujetlerini öz içine alýar.

Welaýatlaryň arasynda iň uly býujet Lebap welaýatyna degişli bolup, onuň möçberi 3 milliard 128 million manat bolar. Mary welaýatynyň býujeti 2 milliard 982 million 500 müň manat, Daşoguz welaýatynyňky 2 milliard 812 million manat möçberinde kesgitlenildi.

Ahal welaýatynyň býujeti 1 milliard 894 million 200 müň manat, Balkan welaýatynyň býujeti bolsa 1 milliard 664 million 500 müň manat bolar.

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň umumy möçberi 138 milliard 68 million 400 müň manat möçberinde tassyklanyldy.