Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary 138 milliard 68 million 400 müň manat möçberinde kesgitlenildi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Deňeşdirmek üçin, 2026-njy ýylyň Döwlet býujeti 131 milliard 845 million manat möçberinde tassyklanypdy.

Kanunyň 1-nji maddasyna görä, Döwlet býujetiniň umumy möçberinde birinji derejeli býujetiň paýyna 36 milliard 500 million manat düşýär. Merkezi býujet bolsa 125 milliard 823 million 700 müň manat möçberinde tassyklanyldy. Şol sanda onuň birinji derejeli býujetiniň möçberi 24 milliard 255 million 300 müň manada deňdir.

Resminamanyň 3-nji maddasynda goşulan baha üçin salgydyndan, peýda salgydyndan we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin alynýan salgytdan gelip gowuşýan serişdeleriň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň býujetlerine geçiriljek paýlarynyň kadalary kesgitlenilýär.

Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, ýerli býujetleriň deňagramlylygyny üpjün etmek maksady bilen Merkezi býujetden 3 milliard 303 million 300 müň manat bölünip berler. Şol serişdeleriň 271 million 300 müň manady Arkadag şäherine, 1 milliard 879 million 300 müň manady Daşoguz welaýatyna, 1 milliard 152 million 700 müň manady bolsa Lebap welaýatyna gönükdiriler.

5-nji madda boýunça ýerli býujetleriň umumy möçberi 15 milliard 548 million manat bolar. Şol sanda Aşgabat şäheriniň býujeti 2 milliard 743 million 300 müň manat, Arkadag şäheriniňki 323 million 500 müň manat möçberinde kesgitlenildi. Ahal welaýatynyň býujeti 1 milliard 894 million 200 müň manada, Balkan welaýatynyňky 1 milliard 664 million 500 müň manada, Daşoguz welaýatynyňky 2 milliard 812 million manada, Lebap welaýatynyňky 3 milliard 128 million manada, Mary welaýatynyňky bolsa 2 milliard 982 million 500 müň manada deň bolar.

Kanunda Döwlet býujetiniň goragly çykdajy maddalary hem aýratyn bellenilýär. Olara zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary girýär.

Şeýle hem býujet ýetmezçiligi ýüze çykan ýagdaýynda ony maliýeleşdirmegiň çeşmeleri kesgitlenildi. Bu maksat bilen kanunçylyga laýyklykda döwlet karzlaryndan we býujet serişdeleriniň emele gelen galyndylaryndan peýdalanylyp bilner. Goşmaça gelip gowuşýan girdejiler, şeýle-de girdejileriň çykdajylardan artyk gelen bölegi ilkinji nobatda bank karzlary boýunça bergileri üzmäge we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Resminamada býujet görkezijilerini degişli kanunçylyk namalaryna laýyklykda takyklamak boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlyklary hem kesgitlenilýär. Zerur bolan halatlarda Merkezi we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişinde çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeler beýleki çykdajylara gönükdirilip bilner.

Mundan başga-da, hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa tölegleri Pensiýa gaznasynyň býujetinde meýilleşdirilen girdejilerden artyk gelip gowşan ýagdaýynda, gazna geçirilýän tölegleriň möçberi Döwlet býujetiniň çykdajy meýilnamasyndan artyk amala aşyrylyp bilner. Awtomobilleriň ýerlenilmeginden we awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlar boýunça girdejiler meýilnamadan ýokary bolan halatynda hem degişli serişdeleri Awtomobil ýollary ministrliginiň ýörite hasabyna meýilnamadan artyk geçirmek göz öňünde tutulýar.