Her ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler güni bellenilýär. Bu sene şäherleşme hadysasynyň ähmiýetine, şäherleriň ösüşine we ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak meselelerine ünsi çekýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň «Dünýäde şäherleşmegiň geljegi» atly hasabatynda berilýän maglumatlara görä, dünýäniň 8,2 milliarddan gowrak ilatynyň 45 göterimi şäherlerde, 36 göterimi kiçi şäherlerde we şäher töwereklerinde ýaşaýar. Oba ýerleriniň ilaty bolsa umumy ilatyň 19 göterimine deňdir. Dünýäde jemi 48 müň töweregi şäheriň bardygy bellenilýär.
Taryhy maglumatlara görä, 1800-nji ýyllarda dünýä ilatynyň 90 göteriminden gowragy oba ýerlerinde ýaşapdyr. XIX asyrda senagatlaşma döwrüniň başlanmagy bilen, adamlaryň iş we ýaşaýyş mümkinçiliklerini gözläp şäherlere göçmegi has-da güýçlenipdir. Şondan bäri şäherleşme dünýäniň ösüşine täsir edýän möhüm hadysalaryň birine öwrüldi.
Maglumatlarda Braziliýanyň şäherleriniň sany boýunça öňde durýandygy, ýurtda 346 şäheriň bardygy görkezilýär. Ilat sany boýunça bolsa Tokio (37 million), Deli (28 million), Meksiko (21 million) we Kair (20 million) dünýäniň iri şäherleriniň hatarynda görkezilýär. ABŞ-nyň iň köp ilatly şäheri bolan Nýu-Ýorkda 8,6 million adam ýaşaýar.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli şäherlerde ýaşaýan adamlaryň sany häzirki görkezijiler bilen deňeşdirilende iki esse artmagy mümkin. Bu ýagdaý şäherleriň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we häzirki zaman infrastrukturasyny ösdürmek meseleleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.