Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Ankara şäherinde geçiriljek XIII sammitiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň resmi «X» sahypasynda 29-njy oktýabrda ýerleşdirilen maglumata görä, Donald Tramp Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlik Türkiýäniň Respublika baýramy mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen agşamlyk naharynyň dowamynda bolup geçdi.
Telefon arkaly gepleşigiň esasy meseleleriniň biri Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammiti boldy. Prezident Rejep Taýyp Erdogan agşamlyk naharyna gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň salamyny ABŞ-nyň Prezidentine ýetirdi.
Türkiýäniň Prezidenti Ankarada geçiriljek sammitiň ähmiýetine ünsi çekip, umumy ilaty 200 milliondan geçýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigini belledi. Şeýle-de ol duşuşygyň dowamynda guramanyň geljekki ösüşine gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
Öz gezeginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Sammit 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Ankara şäherinde «Türki dünýäniň asyry: dilde, pikirde we işde jebislik» şygary bilen geçirilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.