Türkmenistanly garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türgeni Abbas Abasow ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçirilen «Legacy Fighting Alliance» (LFA) guramasynyň LFA 247 ýaryşynda argentinaly türgen Lukas Ganinden üstün çykdy. Ol bu ýeňşinden soň dünýäniň iň iri MMA guramasy bolan UFC-de çykyş etmek isleýändigini hem mälim etdi.
Ýarym ýeňil agram derejesinde (65,8 kilograma çenli) geçirilen tutluşyk esasy söweşleriň hatarynda bolup, ikinji raundda tamamlandy. Abbas Abasow garşydaşyna boguş usulyny ulanyp, ýeňiş gazandy.
28 ýaşly türkmen türgeni üçin bu professional karýerasyndaky ýedinji ýeňiş boldy. Onuň hasabynda bir ýeňliş hem bar. 30 ýaşly argentinaly Lukas Ganiniň görkezijisi bolsa dokuz ýeňişden we dört ýeňlişden ybarat.
Türkmenistanyň baýdagy astynda çykyş edýän Abbas Abasow ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän «American Top Team» türgenleşik klubunda taýýarlyk görýär.
Ýeňişden soň beren interwýusynda türgen özüniň esasy maksatlarynyň biriniň UFC guramasynda çykyş etmek we bu guramada türkmenistanly ilkinji söweşiji bolmakdygyny aýtdy. Ol yzly-yzyna üç duşuşykda möhletinden öň ýeňiş gazanandan soň, bu maksady barada açyk aýtmaga mümkinçilik alandygyny belledi.
Abbas Abasow UFC-de çykyş etmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, LFA guramasynyň ýarym ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagyny gazanmak ugrunda göreşmegi maksat edinýär.
Türgen şu ýylyň iýun aýynda hem UFC-niň Las-Wegasda geçiriljek ýaryşlarynyň birinde ilkinji gezek çykyş etmek baradaky teklibi kabul etmändi. Şonda ol has ýokary derejedäki bäsleşiklere doly taýýar bolup çykmak we ilki bilen özüni tanatmak isleýändigini düşündiripdi.
Belläp geçsek, «Ultimate Fighting Championship» (UFC) dünýäde garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça iň iri guramalaryň biridir. 1993-nji ýylda ABŞ-da esaslandyrylan guramanyň merkezi Las-Wegas şäherinde ýerleşýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.