Abdukodir Husanow «Mançester Siti» bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
⚽ Özbegistanly goragçy Abdukodir Husanow «Mançester Siti» bilen täze şertnama baglaşyp, klubdaky çykyşyny 2031-nji ýyla çenli dowam etdirer. 22 ýaşly futbolçy topar bilen eýýäm Angliýanyň Kubogyny we Liga Kubogyny gazanyp, 47 duşuşykda 1 gol geçirdi.
· 1 min okamak · 3 görnüş

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol topary özbegistanly goragçysy Abdukodir Husanow bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.
Täze şertnamanyňmöhleti 2031-nji ýyla çenli göz öňünde tutulandyr.
22 ýaşyndaky Husanow 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Angliýanyň “Mançester Siti” futbol toparynyň düzüminde çykyş edip gelýär. Ol topar bilen şol döwürde Angliýanyň kubogyny hem-de Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazandy. Özbek futbolçy 47 duşuşykda oýnap, 1 gol geçirdi.
Abdukodir Husanow Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hem futbolçysy bolup, ol öz ýurdunyň ýygyndysynda 30 duşuşykda, şol sanda Özbegistanyň ýygyndysy bilen golaýda tamamlanan futbol boýunça dünýä çempionatynda hem çykyş etdi.
Husanow “Mançester Siti” toparyndaky ozalky SSSR düzümindäki döwletlerden 7-nji futbolçydyr. Bu iňlis toparynda rus futbolçy Andreý Kançelskis, gruzin futbolçylar Kahaber Shadadze, Murtaz Şeliýa, Georgiý Kingladze, Mihail Kawelaşwili, şeýle hem ukrain futbolçy Aleksandr Zinçenko oýnady.
Share0
#Futbol#Abdukodir Husanow#Mançester Siti#Manchester City#Özbegistan milli ýygyndysy#Angliýa Premýer ligasy#şertnama 2031#goragçy#Angliýanyň kubogy#Liga kubogy#Özbegistan futboly#dünýä çempionaty#transfer täzelikleri








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.