ABŞ-nyň 66 ýaşly ýaşaýjysy Tim Endrýus genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi bilen rekord derejede dokuz aý ýaşandan soň, adam donoryndan böwrek transplantasiýasyny üstünlikli geçirdi. Bu barada The New York Times habar berdi.
Endrýus gipertoniýa we süýji keseliniň netijesinde böwrek ýetmezçiliginden ejir çekipdir. Onuň gan toparynyň seýrek bolmagy bolsa laýyk adam donoryny tapmak mümkinçiligini ep-esli peseldipdir. Şol sebäpli ol 2025-nji ýylyň ýanwarynda genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan böwregiň geçirilmegi boýunça tejribe operasiýasyna razylyk beripdir.
Doňuz böwregi 271 günüň dowamynda näsagyň bedeninde işlemegini dowam etdiripdir. Bu döwürde organ gany arassalamak wezipesini ýerine ýetirip, Endrýusyň dializ bejergisinden ýüz öwürmegine mümkinçilik beripdir. Näsagyň işdäsi açylyp, bedenindäki myşsa massasy hem dikelen.
Soňra böwregiň gan damarlarynda gan lagtalarynyň emele gelmegi sebäpli transplantasiýa edilen organ aýrylmaly bolupdyr. Muňa garamazdan, bu tejribe ksenotransplantasiýanyň, ýagny haýwan organlarynyň adama geçirilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin möhüm maglumatlary beripdir.
2026-njy ýylyň ýanwarynda Endrýus laýyk adam donoryndan böwrek alypdyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý genetiki taýdan üýtgedilen haýwan organlarynyň öňünden geçirilmeginiň soňraky adam böwreginiň transplantasiýasyna päsgelçilik döretmeýändigini görkezdi.
Operasiýa ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirliginiň (FDA) maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Bu maksatnamada biotehnologiýa kompaniýasy eGenesis tarapyndan taýýarlanan genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwrekleri bäş näsaga geçirildi. Olaryň üçüsi şeýle organlar bilen sekiz aýdan gowrak ýaşady.
Hünärmenler genetiki taýdan üýtgedilen haýwan organlarynyň adam donoryna garaşýan näsaglar üçin wagtlaýyn «köpri» hökmünde ulanylyp bilinjekdigini öwrenýärler. Tim Endrýusyň ýagdaýy bolsa geljekde ksenotransplantasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek üçin möhüm kliniki tejribeleriň biri hökmünde bahalandyrylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.