Aşgabat şäheriniň günorta böleginde çagalar üçin ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlejek täze Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra ýetdi. Döwrebap lukmançylyk toplumy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň nobatdaky möhüm netijeleriniň biri bolar.

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti täze merkeziň gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bäş gatly merkez üç ýaşdan uly çagalara ýokary hünär derejeli maslahat, anyklaýyş we bejeriş hyzmatlaryny bermäge niýetlenýär.

Merkeziň dabaraly açylyşynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýär. Täze saglygy goraýyş edarasynyň dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen ýakyn halkara hyzmatdaşlykda işlemegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Merkezde çagalaryň saglygyny goramakda häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary, sanly çözgütler we emeli aň mümkinçilikleri giňden peýdalanylar. Türkmenistanyň Prezidenti lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň hem-de täze tehnologiýalary kliniki tejribä ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Merkeziň maslahat beriş bölümindäki otaglaryň dizaýny çagalaryň psihologiýasy göz öňünde tutulyp taýýarlanypdyr. Ýagty we çagalar üçin gyzykly gurşawyň döredilmegi olaryň lukmançylyk barlaglary wagtynda özlerini has rahat duýmagyna ýardam eder.

Anyklama bölüminde funksional we şöhlelendiriş anyklaýyş otaglary, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap endoskopiki enjamlary ýerleşdiriler. Emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy lukmançylyk maglumatlaryny çalt we ýokary takyklykda seljermäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bölümde otaglaryň howa şertlerini awtomatiki gözegçilikde saklaýan ýörite ulgamlar göz öňünde tutuldy.

Bejeriş bölüminde sanly rentgenografiýa we intensiw terapiýa üçin häzirki zaman enjamlary oturdyldy. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, lukmançylyk amallary wagtynda çagalaryň psihologik taýdan özlerini has rahat duýmagyna şert döreder.

Operasiýa we reanimasiýa bölümlerinde maglumatlaryň dürli bölümleriň arasynda onlaýn ýagdaýda alyşylmagy üçin ýörite monitorlar ulanylar. Bu bolsa operasiýa wagtynda zerur maglumatlary tiz almaga we degişli lukmançylyk çözgütlerini dessin kabul etmäge mümkinçilik berer.

Merkeziň operasiýadan soňky otaglarynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen aýratyn şertler döredildi. Şol bir wagtyň özünde arassaçylyk-gigiýena kadalarynyň berk berjaý edilmegi, otaglaryň arassalygynyň we önelgesizliginiň üpjün edilmegi, şeýle hem howa çalşygynyň netijeli işlemegi işgärleriň öňünde goýulýan esasy talaplaryň hatarynda görkezilýär.

Stasionar bölümde çagalaryň gije-gündiz bejergi almagy üçin zerur şertler döredildi. Kiçi näsaglaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmek we sagaldyş döwrüni has amatly guramak maksady bilen merkeziň çäginde çagalar üçin oýun meýdançasy hem döredildi.

Täze Halkara pediatriýa merkeziniň ulanmaga berilmegi Türkmenistanda çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge we pediatriýa ugruny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm ädim bolar.