Aşgabatda ABŞ-nyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 250 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen dabaraly kabul edişlige diplomatik korpusyň wekilleri, köp sanly myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud çykyşyny türkmen dilinde edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we bilim ugurlarynda okgunly ösýändigini nygtady.
ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda dabaraly bellenildi
1 min okamak845

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan kabul edişlik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow gatnaşdy.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.