Britaniýada dowam edýän adatdan daşary yssy howa we guraklyk oba hojalyk önümçiligine ýaramaz täsir edip, ýurtda käbir gök önümleriň ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Hasyllylygyň peselmegi netijesinde ýurduň içerki bazarynda käbir önümleriň, şol sanda işdäaçaryň we pomidoryň bahasy ep-esli ýokarlandy. Käbir maglumatlara görä, olaryň bahasy öňki döwür bilen deňeşdirilende iki esse golaý gymmatlady.
Ilkibaşda daýhanlar ýokary hasyla garaşýardylar, emma howanyň aşa gyzmagy we uzak wagtlap dowam eden guraklyk meýilleşdirilen netijeleri almaga mümkinçilik bermedi.
Ýetmezçiligiň öwezini dolmak üçin bölek satuw dükanlary, restoranlar we beýleki azyk hyzmaty kärhanalary brokkoli, işdäaçar ýaly önümleri esasan Ispaniýadan we Niderlandlardan getirmäge başladylar.
Şol bir wagtda ýurduň 100-den gowrak kompaniýasy azyk howpsuzlygyny güýçlendirmek we daşary ýurt importyna garaşlylygy azaltmak maksady bilen Britaniýanyň Premýer-ministrine ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, howanyň üýtgemegi bilen bagly aşa yssy döwürleriň ýygylaşmagy oba hojalygynda täze çemeleşmeleri we durnukly önümçilik usullaryny talap edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.