Hytaýly hünärmenler bir optiki süýümli kabel arkaly sekuntda 3,2 petabit maglumat geçirmegi başardylar. Bu görkeziji maglumat geçirijiliginiň tizligi boýunça täze rekord hökmünde hasaba alyndy.

Synag Hytaýyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasynyň (CICT) «Peng Cheng» barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Olar uzynlygy 10,3 kilometre barabar bolan 24 ýadroly ýörite optiki kabelden peýdalandylar.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, gazanylan tizlik bir sekuntda 20 müňden gowrak 4K durulykdaky filmi geçirmäge mümkinçilik berýän geçirijilige deňdir. Barlaghana şu ýylyň başynda geçiren synagynda sekuntda 2,5 petabit tizlik görkezipdi.

Hünärmenler emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen ýokary tizlikli internet infrastrukturasyna bolan islegiň artýandygyny belleýärler. Sebäbi emeli aň ulgamlary diňe bir maglumatlary kabul etmek bilen çäklenmän, olary seljerip, işläp taýýarlap, ulanyjylara ýetirýär.

Mundan başga-da, ykjam aragatnaşygyň altynjy nesli bolan 6G tehnologiýasyny ösdürmek hem has ýokary geçirijilik ukybyna eýe bolan aragatnaşyk ulgamlaryny döretmegi talap edýär.