Wengriýa bilen ABŞ Amerikanyň suwuklandyrylan tebigy gazyny (STG) Ýewropa ibermek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdi.
Bu barada Wengriýanyň daşary işler ministri Anita Orban Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.
Ministriň bellemegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň iki möhüm ugry boýunça ylalaşyga geldiler. Olaryň biri «Trump Peace Pipelines Framework» maksatnamasynyň çäklerinde tebigy gazy we çig nebiti daşamak üçin sebit energetika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Ikinji ylalaşyk bolsa hukuk goraýjy edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
«Trump Peace Pipelines Framework» maksatnamasy Merkezi we Gündogar Ýewropada energetika infrastrukturasyny ösdürmegi, şol sanda gaz geçirijiler ulgamyny giňeltmegi hem-de Amerikanyň suwuklandyrylan tebigy gazyny kabul etmek üçin zerur bolan kuwwatlyklary döretmegi maksat edinýär.
Taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň Ýewropanyň energetika üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebitde energiýa serişdeleriniň daşalmagy üçin infrastruktura mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýändigi bellenilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.