Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde ekin meýdanlarynda ýokary hasyl almak üçin zerur çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şabat etrabynda oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça öňdebaryjy hojalyklaryň biri hökmünde tanalýan Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde hem bu ugurda netijeli zähmet alnyp barylýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hojalygyň kärendeçi daýhanlary gowaçadan bol hasyl almak maksady bilen agrotehniki çäreleri ýokary depginde dowam etdirýärler. Şu ýylyň ýazynda 7500 gektar meýdana gowaça tohumy ekilip, meýdanlarda oňat gögeriş gazanyldy. Häzirki wagtda bolsa ekinlere ideg etmek, hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek ýaly işler yzygiderli geçirilýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly häsiýete eýedigi aýdyň görünýär. Kärendeçi daýhanlar ekinleriň ösüşine yzygiderli gözegçilik edip, gowaçalaryň kadaly ösmegi üçin zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirýärler.

Meýdanlara aýlananyňda, daýhanlaryň tutanýerli zähmetiniň netijelerini görmek bolýar. Gowaça düýpleriniň boý almagy, şahalarynyň berdaşly ösmegi we gül-gunçalaryň, körekleriň köpelmegi bu ýyl ýokary hasyla garaşmaga esas döredýär.

Ekin meýdanlarynda kärendeçi daýhanlar bilen bir hatarda, gowaçanyň hatar aralaryny ýumşatmaga we goşmaça iýmitlendirmäge niýetlenen ýörite tehnikalaryň sazlaşykly hereket etmegi hem işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Oba hojalygynda ýokary hasyl almak köp babatda ekinlere idegiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine baglydyr. Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň daýhanlarynyň şu günki tutanýerli zähmeti hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.

Daýhanlaryň ene topraga bolan yhlasy, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegi we önümçilik işleriniň döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen utgaşdyrylmagy «ak altyndan» bol hasyl almak üçin berk binýat döredýär. Şeýlelikde, häzirki günlerde meýdanlarda edilýän yhlasly zähmet geljekki hasylyň bereketine öwrülýär.